TÜRKMENISTANDA GEÇIRILEN EKOLOGIÝA BOÝUNÇA GIŇ GERIMLI OKUW SAPAGYNY GINNESIŇ REKORDLAR KITABYNA GIRIZMEK TEKLIP EDILÝÄR


TÜRKMENISTANDA GEÇIRILEN EKOLOGIÝA BOÝUNÇA GIŇ GERIMLI OKUW SAPAGYNY GINNESIŇ REKORDLAR KITABYNA GIRIZMEK TEKLIP EDILÝÄR



28-nji oktýabrda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň golaýynda “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Ol açyk asmanyň astynda geçirilen şeýle çäreleriň iň giň gerimlisi boldy. Oba hojalyk pudagynyň 500-den gowrak hünärmenini bir ýere jemlän foruma ýurdumyza gelen Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü hem gatnaşdy.