Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO-nyň möhüm seneleriniň sanawyna girizildi


Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO-nyň möhüm seneleriniň sanawyna girizildi



Şu ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň eýeleýän möhüm ornunyň hem-de ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýar diýlip, habarda bellenilýär.