TÜRKMENISTAN WE TÜRKIÝE PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄR
18-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunyň parlament toparyna ýolbaşçylyk edip, sapar bilen Aşgabada gelen Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşygy boldy.