Bag ekmek dabarasy


Bag ekmek dabarasy



2020-nji ýylyň 21-nji martynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyz boýunça Ählihalk bag ekmek dabarasyna agzybirlik bilen girişildi. Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde saklamagy bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň özi Garagum çölüne, Hazar deňzine, köllere we beýleki tebigy ýerlere aýlanyp, ol ýerdäki haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýawly saklanmagy, ylmy taýdan öwrenilmegi üçin degişli tabşyryklary berýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýany, tebigaty gorap saklamakda ähli zerur işler alnyp barylýar.

Ýaş baglary idetmäge hem-de täze baglary oturtmaga, ählihalk bag ekmek dabarasyna yurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem işjeň gatnaşdylar.