Arkadagdaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Täze ýyl baýramçylygy geçirildi


Arkadagdaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Täze ýyl baýramçylygy geçirildi



«Märkaw» myhmanhanasynda we Arkadag şäheriniň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi. Çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl mynasybetli süýjülik sowgatlarynyň gowşurylmagy dabaralaryň esasy wakalarynyň birine öwrüldi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan köpöwüşginli çäre-de ýakymly pursatlara baý boldy. Dabaranyň çäklerinde türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň çykyşlary çagalar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Bu ýerde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de merkeziň çäginde hereket edýän çagalar bagynyň körpelerine uly dabaralara beslenip gelen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Şa serpaýy — Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle dabara Aşgabatda ýerleşýän Döwletliler köşgünde-de ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň iberen Şa serpaýy — süýjülik sowgatlary bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň kalbyny egsilmez buýsanja, göwün galkyndyryjy duýgulara besledi.