Allergiýanyň öňüni nädip almaly?
Häzirki sepgit döwründe howanyň üýtgemegi, şeýle-de agaçlaryň gülläp, tebigatyň janlanmagy bilen, käbir adamlarda allergiýa ýagdaýy ýüze çykýar. Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Allergiýa ýagdaýy haýwanlaryň tüýleri, iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp, onuň dowamlylygy birnäçe minutdan, birnäçe güne çekip bilýär.
Burundan suwuklygyň akmagy, göz ýaşarmasy, asgyrma, bedende dörän uly bolmadyk örgün we beýleki ýagdaýlar allergiýanyň alamatlary bolup biler. Bu alamatlar bedene allergen düşenden soň, 15 minudyň dowamynda ýüze çykýar. Şonuň üçinem şeýle ýagdaý ýüze çykan dessine, gaýragoýulmasyz çäreleri görmek hökmandyr. Mundan başga-da, allergiýany döredip biljek dürli zatlardan gaça duruň! Dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz, işdeş ýoldaşlaryňyz hem-de size gözegçilik edýän lukmanlar (şol sanda diş lukmany, kosmetolog we başgalar) sizing belli bir zada allergiýaňyzyň bardygyndan habarly bolmalydyr.
Allergiýanyň ýeňil ýüze çykmasynda, oňa garşy ulanylýan ýörite dermanlardan, melhemlerden, damjalardan hem-de spreýlerden peýdalanyp bilersiňiz, ýöne ilkibaşda hökman lukman bilen maslahatlaşyň. Bu ugurda hünärmenleriň maslahaty zerurdyr. Eger-de allergiýa dermanlyk serişdesiniň netijesinde ýüze çykan bolsa, haýal etmän, derman ulanmagy bes etmeli hem-de lukmana ýüz tutmaly. Allergiýa ýagdaýynyň ýüze çykmagynyň anyk sebäbini bilmeýän bolsaňyz, ýöriteleşdirilen merkezlere ýüz tutuňwe degişli barlagdan geçiň. Allergiýa garşy degişli derman serişdelerini ulanmak hem-de sanjymlary öz wagtynda almak jan saglygyňyzy gorap saklamaga ýardam eder.