TÜRKMENISTAN - ABŞ: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär


TÜRKMENISTAN - ABŞ: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär



Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyza sapar bilen gelen ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň, ilkinji nobatda, parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.

Mejlisiň Başlygy D. Gulmanowa myhmanlary mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara dialogy ösdürmäge ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde myhmanlar milli parlamentiň düzümi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Netijeli we ynanyşykly ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.