Kadalary berjaý etmek — saglygyň girewi


Kadalary berjaý etmek — saglygyň girewi



Tomus paslynyň howasy köp dürlüligi bilen tapawutlanýar. Güneşli, yssy, bulutly, şemally, tozanly günler bolup bilýär. Tomus paslynda howanyň adamyň bedenine dürli täsirlerinden goranmak üçin hökman degişli maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly.
Soňky günleriň dowamynda howanyň ýagdaýyna geçirilen seljermäniň netijesinde Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň çäklerine günorta-gündogardan, demirgazyk-gündogardan we demirgazykdan aralaşan howa akymynyň täsirlerinden şemally-tozanly işjeňlik bellige alyndy. Howada tozanyň agdyklyk edýän ýagdaýy hasaba alyndy. Bu bolsa adamyň saglygy üçin, aýratyn-da, dem alyş ulgamy üçin oňaýsyzdyr.
Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin degişli çäreleri güýçlendirmek zerurdyr. Tomsuň ortaky aýy howanyň düzüminiň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň, jemgyýetçilik ulaglarynyň we beýleki ilata hyzmat edýän edaralaryň işgärleri dem alyş ýollary üçin niýetlenen şahsy goranyş serişdelerini, ýagny agyz-burun örtüklerini hökman ulanmalydyrlar.

Dowamly we allergiýa keselleri bolan adamlara hem şunuň ýaly öňüni alyş kadalaryny berjaý etmek maslahat berilýär.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini elmydama berk berjaý etmeli. Elleri ýuwmaly, ýaşaýyş we iş otaglaryny arassa saklamaly. Eliňi sabyn bilen 20 sekunt akar suwuň aşagynda ýuwmaly. Agyz boşlugyny duzly suw bilen çaýkamaly (1 bulgur gaýnadylyp sowadylan suwa 1 çaý çemçesi duzy goşmaly). Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemi çalmaly. Otaglary aram-aram ýelejiredip durmaly, penjireleri açyp, arassa howany üpjün etmeli. Daş-töwerekde arassaçylyk düzgünleri berjaý edilmelidir, binalaryň ýanaşyk çäklerinde arassaçylyk we suwlama işleri geçirilmelidir.
Türkmenistanyň dermanlyk ösümligi bolan üzärligi ulanyp, otagyň howpsuz mikroklimatyny üpjün etmeli. Otaglarda çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli. Tomus paslynda sowuk we gyzgyn howanyň birbada bedene täsir etmegine ýol bermeli däldir. Daşardan gyzyp gelip, sowadyjy işleýän otaga birbada girmek, onuň gabadyna bedeniň dürli böleklerini tutmak, sowadyjydan aşa sowuk suwy gyzyp gelip içmek maslahat berilmeýär. Sebäbi bu dowamly keselleriň ýitileşmegine getirip biler.
Tomus günleri ýiti Gün şöhlesinden goranmaly. Nah matadan açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli, saýawanlary ulanmaly. Şu döwürde her gün hökman 1,5 — 2,5 litr arassa agyz suwuny bedene agram salman içmeli.

Tomsuň yssy günleri bedene kuwwat beriji we howanyň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirlerinden goraýjy melhem çaýlary kakadylan miweler bilen içmeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda giňişleýin beýan edilen hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan, güneşli türkmen topragynda ösýän ýandak, çopantelpek, narpyz, käkilik oty we keýik oty atylan çaýlary kakadylan miweler bilen kabul etmek boýunça maslahatlar berjaý edilende bedendäki mikroelementleriň deňagramlylygynyň üpjün edilmegine oňaýly täsir eder.
Tomus paslynda sagdyn iýmitlenmegiň esasy şerti — bu gök önümleri, miweleri we ýeňil siňýän tagamlary ulanmakdan ybaratdyr. Işdäaçarlar taýýarlananda, maýoneziň deregine ösümlik ýaglary ulanylmalydyr. Gaplanan iýmit tagamlaryny iýmekden saklanmaly. Azyk harytlary diňe bazarlardan we söwda merkezlerinden satyn almaly. Olaryň belgileniş nyşanyna üns bermeli we talabalaýyk saklamaly.
Şu tertip-düzgünleri berk berjaý etseňiz, ýylyň islendik döwründe janyňyz sag bolar.