BATYR HAJYÝEWIŇ WE ALLABERDI ÖWEZDURDYÝEWIŇ ŞAHSY SERGISI


BATYR HAJYÝEWIŇ WE ALLABERDI ÖWEZDURDYÝEWIŇ ŞAHSY SERGISI



18-nji awgustda Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň sergi merkezinde suratkeş Batyr Hajyýewiň we Allaberdi Öwezdurdyýewiň şahsy sergisi açylar.

Olaryň ikisi-de Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň agzalary bolup, köplenç oba durmuşy bilen bagly pursatlary öz surat eserlerine geçirýärler. Suratkeşleriň ikisi-de Mary welaýatynda doglandyr.

Suratkeşler sungat söýüjilerine diňe öňki surat eserleriniň toplumlaryndan däl-de, eýsem täze eserleri bilen hem çykyş ederler. Umuman, sergide iki zehinli suratkeşiň 70-den gowrak surat eseri bolar.

Şolaryň arasynda Batyr Hajyýewiň «Merwiň etekleri», «Tesbiçi», «Ojak», «Düşelge» atly täze suratlary myhmanlaryň ünsüni özüne çeker. Şeýle-de, Allaberdi Öwezdurdyýewiň «Obamdaky meňzeşlik», «Pişme toý» we «Ejem basym geler» atly eserleri hödürlener.

Ýeri gelende bellesek, Batyr Hajyýewiň surat eserlerinde kendir ýagly reňkler agdyklyk edýär.

Allaberdi Öwezdurdyýewiň eserlerinde oba durmuşynyň pursatlaryny duýmak bolýar. Olar açyk reňklerde eserlere geçirilendir. Bu eserlerde suratkeşiň reňkleri ussatlyk bilen ulanyp bilýändigini duýmak bolýar.