Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy



2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy. Her bir musulman üçin mukaddes bolan ýerlere zyýaratdan soňra, hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Medinäniň Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline ugraýar.
Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerine mukaddes toprakda — yslam dininiň watanynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan edip, Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşy aldylar hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň üstünlikli tamamlanmagy we umra hajyny berjaý etmegi bilen tüýs ýürekden, mähirli gutladylar.