DURNUKLY ÖSÝÄN YKDYSADYÝET — HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNYŇ KEPILI


DURNUKLY ÖSÝÄN YKDYSADYÝET — HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNYŇ KEPILI



Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Millimaksatnamasy», şeýle hem şu ýyl üçin Türkmenistanyň Maýa goýum maksatnamasy ýaly resminamalarda bu maksatlara ýetmek üçin bir näçe möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň görkezijileri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň netijelidigini tassyklaýar. Watanymyzyň mundan beýläkde depginli ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy bu maksatnamalaryň baş wezipesidir.