Wagyz-nesihat çäresi


Wagyz-nesihat çäresi



Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda raýatlarymyzyň arasynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, edep-ekramlylygy, milliligi, maşgala gymmatlyklaryny, zähmete söýgini wagyz etmek, ýüze çykýan dürli nogsanlyklaryň öňüni almak, kanunçylyk we hukuk düşünjeliligini ösdürmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, şeýle-de geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Milli maksatnamasyny halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Mejlisler zalynda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Halkyň Arkadagly Serdary bilen bagtyýar geljege tarap” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň we beýleki wekilleriň çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty barada giňişleýin durlup geçildi.
Şeýle hem ilatyň arasynda ýaramaz endikleriň garşysyna alnyp barylýan göreşi güýçlendirmek, raýatlaryň jemgyýetde öz borçlaryna düşünmekleri, ýaşlary terbiýelemek, sagdyn nesilleri kemala getirmek işine her bir raýatyň jogapkärli çemeleşmekleri, ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmekde, olary milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylmaly işler, geljekki 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeler barada bellenip geçildi.
Şonuň ýaly-da, ýaşlarda ahlak häsiýetleriniň kemala getirilmeginiň wajyplygy, her bir maşgalada çagany kiçi ýaşdan terbiýelemegiň, olaryň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklarynyň, ýaşuly nesliň edep-terbiýesiniň, wesýetleriniň diňlenilmeginiň, ula hormat, kiçä sylag, durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimizde berk berjaý edilmeginiň zerurlygy hakynda bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze sepgitlere ýetmegi üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Ogulgurban GAŞLAKOWA