OGULABAT BERDIMUHAMEDOWA (1937 — 2023)


OGULABAT BERDIMUHAMEDOWA



(1937 — 2023)



Mukaddes Remezan aýynda Milli Liderimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat Berdimuhamedowa 86 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habary tutuş türkmen halky uly gynanç bilen kabul etdi.

Özüniň manyly ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden Ogulabat eje watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, maşgala mukaddesligine wepadarlygyň, milli gymmatlyklara söýginiň belent nusgasyny görkezdi.

Ogulabat Berdimuhamedowanyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Uruşdan soňky açlyk ýyllarynyň, ondan soňky döwrüň kynçylyklaryny hem ol öz il-güni bilen deň çekişdi. Onuň bütin ykbaly öz halkynyň ykbalydyr. Ogulabat ejäniň ömür ýoly, durmuşy nesiller üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Ogulabat Berdimuhamedowa Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 1937-nji ýylyň 15-nji iýunynda dünýä inýär. Heniz alty ýaşyndaka ýetimligiň dagyny çeken Ogulabadyň kiçilikden zähmeti söýmegi, hünär öwrenmäge ugrukmagy ony durmuşyň synagly ýollarynda kemsiz taplaýar. Şeýdip ol maşgala gymmatlyklarynyň gadyryny örän gowy bilýän, ömrüň manysyny halal ýaşamakda görýän parasatly zenan bolup ýetişýär.

Alty çaganyň enesi Ogulabat eje perzentleriniň iň gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemlemegi, watansöýüji, hemmetaraplaýyn kämil, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin kän tagalla etdi. Ýanýoldaşy Mälikguly aga bilen bilelikde perzentlerini türkmen maşgalasynyň iň gowy däpleri esasynda terbiýeledi. Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem durmuş basgançaklaryny öz eneatasynyň görelde sapaklary bilen başlady. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, iň gowy gylyk-häsiýetler, başarnyklar eneleriň mähirli bakyşy, yhlasy, aladasy bilen perzendine geçýär.

Hormatly Arkadagymyz: «Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasy-da, miwesi-de köklerine baglydyr» diýýär. Ine, şundan hem Ogulabat ejäniň biziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kemala gelmeginde nähili uly hyzmatlary bitirendigi düşnüklidir. Ogulabat eje Milletiň Liderini, Arkadagly Serdaryny dünýä beren, olaryň kämillige ýetmegi üçin ägirt uly hyzmatlary bitiren enedir! Öz halkynyň bu günki bagtly durmuşyna ýagşy arzuw-dileglerini, yhlasyny, umyt-arzuwlaryny siňdiren enedir! Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda mähriban käbesi bilen bagly ýatlamalaryny paýlaşýar:

«Ejem töweregimizde ýaşaýan uly-kiçi zenanlar üçinem hemişe maslahatçydy. Käteler ejemiň ýanyna gelip, uzakly gün nämedir bir zatlary gürrüň bererdiler. Ejemiň şonda janygyp düşündirýäni göz öňümde galypdyr. Onuň kanunlary gowy bilýändigine haýran galaýmalydyr. Onsoňam, ejem janyň: «Bu zatlar bilinmän edilen däldir» diýmeginde uly many bardy...».

«Käbämiň gyzlary bilen oturyp, keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar... Myhman gelse, ejemiň ýüzi has mähirli görünýärdi. Onuň adamlaryň öz ýanyna gelmeklerinden, özüniň olaryň göwünleriniň açylmagyna sebäp bolýandygyndan hoşallygy duýulýardy...».

Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Häzirki ýaşlar üçin onuň asylly zähmeti görüm-göreldedir, elinden çykan işleri bahasyna ýetip bolmajak nusgadyr. Nesilleri ýetişdirmek, milli gymmatlyklary dowam etdirmek we ösdürmek baradaky şular ýaly köptaraply işleri bilen Ogulabat ejäniň ömür ýoly türkmen zenanlary üçin beýik mekdepdir.

Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte 2021-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyz atçylyk toplumlaryna baranda, ýa bolmasa, milli baýramçylyklarda behişdi bedewleriň, täze doglan taýlaryň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakan pursatlary asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşany bolup, göz öňümizde ebedilik galdy, hakydalara siňdi.

Iň esasy nygtalmaly zatlaryň biri-de el işlerine, milli gymmatlyklara sarpanyň bu mukaddes maşgala ojagynda bozulmaz ýörelge hökmünde dowam etdirilip gelnendigidir, türkmençilik kadalarynyň, däp-dessurlarynyň, edim-gylymlarynyň ählitaraplaýyn berjaý edilendigidir. Gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriň bu gün döwlet derejesinde dabaralanmagy maşgala ojagyndaky şeýle kämil terbiýe, görüm-görelde mekdebi bilen aýrylmaz baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen parasatly sözleri ata-ene, maşgala mukaddesliginiň bütin halkyň mertebesi bilen berk baglanyşyklydygyny tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde ündeýşi ýaly, eneler ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr. Eneler ýagty jahan bilen hoşlaşsalar-da, hemişe perzentleriniň ýanyndadyr, olaryň ýüreginde ýaşaýandyr... Milletiň käbesi Ogulabat eje hem, Watanyň wepaly ogly Mälikguly aga ýaly, bakyýete külli musulman dünýäsinde aýlaryň serweri hasaplanylýan mübärek Remezan aýynda göç etdi. Halka hem Watana, maşgala ojagyna wepadarlygyň, ýaş nesli iň asylly däpler esasynda terbiýelemegiň, milli ýörelgeleri, milli sungaty söýmegiň, goramagyň we dowam etdirmegiň hiç mahal unudylmajak nusgasyny görkezen Ogulabat Berdimuhamedowa hakyndaky nurana ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar.

Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!