Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi
Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtygy bilen Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi.
Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine gelende, Milli Liderimiziň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan bilen surata düşdi. Soňra belent mertebeli myhmanlar muzeýiň «Dört deňziň joşuşy» zalynda, şeýle-de Hytaýyň milli teatr lybaslarynyň sergilenýän zalynda ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanyşdylar. Bu ýerde wekiliýet Baştutanlarynyň maşgalalarynyň hanym Pen Liýuan bilen bilelikde Pekin opera çykyşlaryna tomaşa etmegi hem täsirli boldy.
Bu muzeý 1990-njy ýylda esaslandyrylan bolup, onuň 2021-nji ýylda täze bina guruldy. Muzeýde Hytaýyň dürli gadymy we häzirki zaman amaly-haşam senetleri görkezilýär. Hususan-da, çeper keramika, keşde, pil süňkünden, zümerretden, agaçdan we daşdan ýasalan nagyşlar, altyn, kümüş we mis şaý-sepler bar.
Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa muzeýiň eksponatlaryny gözden geçirdi. Myhmanlara Hytaý senetçiliginiň taryhy, önümlerde görkezilen nagyşlar we nyşanlar barada gürrüň berildi. Muzeýiň sergisi bilen tanyşandan soň, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň aýaly Peng Liýuan hormatly myhmanlary Pekin operasyna çagyrdy.