GENDER DEŇLIGINI DABARALANDYRÝAN FORUM
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dialogyň gün tertibine zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak babatda meseleler girizildi.
«Berkarar» myhmanhanasynda geçirilen duşuşygyň öň ýanynda myhmanlar Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
Wekilçilikli forumyň açylyş dabarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylara Ýüzlenmesi diňlenildi.
Forumda çykyş eden zenan ýolbaşçylar ýokary derejede geçirilýän duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu möhüm ugurda gazananlary, geljekki meýilnamalary hakynda maglumatlary alyşmak hem-de umumy bähbitlere kybap gelýän sebit gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup durýandygyny bellediler.
Forumyň işiniň jemleri boýunça Jarnama kabul edilip, ol zenanlaryň döwletleriň syýasy we durmuş-ykdysady durmuşyna gatnaşmagyny giňeltmek üçin milli hem-de sebit derejelerinde amala aşyrylmagy zerur bolan çäreler babatynda maslahatlary öz içine alýar.
Duşuşygyň ahyrynda zenanlaryň dialogyna gatnaşyjylaryň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenme kabul edildi.
Şeýle hem foruma gatnaşyjylar Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyna we Ruhyýet köşgünde guralan döredijilik çärelerine gatnaşdylar.