Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!


Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!



Arassaçylyk kadalary doly berjaý edilmedik ýagdaýynda, ulularyň we çagalaryň arasynda dürli ýokanç keselleriň döremek howpy ýüze çykýar. Kesel döredijiler gapy tutawaçlarynda, süpürgiçlerde, gap-gaçlarda, miwelerde saklanýar we ýaşaýar. Sagdyn çagalar ýuwulmadyk gök önümleri, miweleri elläp, elini ýuwman iýende, kesel iýmit üsti bilen ýokuşýar. Ulularda we çagalarda gaýtarma, içgeçme, gyzgyny ýokarlanma bolan ýagdaýynda, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.
Daşardan geleniňde, aşhanada nahar taýýarlamaga girişmezden öň we soň, nahardan öň elleriňizi hökman sabynlap ýuwmaly. Azyk önümleriniň belgileniş nyşanyna üns bermeli we olary bildirilýän talaplara laýyklykda saklamaly. Weterinar barlagyndan geçen et önümlerini ulanmaly. Bişmedik we bişen et, gök önümler dogralanda, aşhana enjamlary olaryň hersi üçin aýry-aýry bolmalydyr. Hemişe olary ýörite arassalaýjy serişdeler bilen ýuwmaly. Iýmit önümlerini diňe azyk önümleriniň söwdasy rugsat edilen dükanlardan we beýleki söwda nokatlaryndan satyn almaly. Çalt zaýalanýan önümleri maşgalanyň 2 — 3 günüň dowamynda iýip biljek mukdarynda satyn almaly. Aşhanany we gap-gaçlary arassa saklamaly. Iýmit taýýarlamagyň düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Azyk önümleriniň ýaramlylyk möhletine üns bermeli. Gaby açylandan soň önümiň ýaramlylyk möhletiniň gysgalýandygyny ýatda saklamaly.
Gök önümleri, miweleri iýmezden öň, akar suwuň aşagynda gowy edip ýuwmaly, soňra olaryň üstünden gaýnag suw akdyrmaly. Süýdi diňe gaýnadyp içmeli, ýumurtga ýaly önümleri gowy bişirmeli. Aşhananyň içini hemişe gözegçilikde we arassa saklamaly. Iýmit önümlerini sowadyjyda ýa-da ýapyk gaplarda saklamaly. Öýde zyýansyzlandyryş işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Çagalara awtobusda, ulagda, köçede iýmit iýmeklige ýol bermeli däl. Şular ýaly ýönekeý düzgünler pugta berjaý edilen ýagdaýynda, sagdynlyk höküm sürer, ýokanç kesellerden goranyş ukybyňyz ýokary bolar.
Goý, mähriban halkymyzyň saglygy babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Oguljemal Orazowa