Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň öňüni alyş çärelerini goldaýar


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň öňüni alyş çärelerini goldaýar



Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyndan ynsanperwerlik ýüki gelip gowuşdy. Bu hoşniýetli çäre BSGG-niň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de maý aýynda tassyklan ýurdumyzyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge hem-de dessin täsir etmek boýunça çäreleri kabul etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasyny goldamagyň çäklerinde ösdürmäge bolan islegi bilen şertlendirilendir.
Halkara ynsanperwerlik ýüküň ýany bilen gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä halklarynyň arasynda ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi aýratyn möhüm bolup durýar. Bu waka adamzadyň saglygyna wehim salýan howpa garşy bilelikde göreşmegiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ynsanperwer ýükleriň içinde wirus ýokanjyndan goranyş serişdeleri — lukmançylyk örtükleriniň 320 müňüsi, respiratorlaryň 130 müňüsi, ýüz örtükleriniň 88 müňden gowragy, äýnekleriň 18 müňden gowragy hem-de halatlaryň 12 müňden gowragy bar. Bu serişdeler ýiti pnewmoniýany döredýän ýokanç keselinden goranmak üçin zerurlygyň ýüze çykan halatynda hünärmenleriň peýdalanmagy üçin lukmançylyk edaralaryna gowşurylar hem-de paýlanylar.