ULAG ULGAMYNA DEGIŞLI HALKARA FORUMYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BRIFING


ULAG ULGAMYNA DEGIŞLI HALKARA FORUMYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BRIFING



17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen ugur boýunça forum Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guraldy.