Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralara badalga berildi


Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralara badalga berildi

23-nji aprelda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, olara Hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Dabaralar ir ertir bilen Lebap welaýat kitaphanasynyň döwrebap binasynda başlanyp, onuň giň eýwanynda kitap sergisi guraldy. Bu ýerde dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan dörän eserler bilen tanyşdylar.

Behişdi bedewlere bagyşlanan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplar şolaryň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Bu eserler öz okyjylaryny behişdi bedewleriň türkmen halkynyň watançylyk we ynsanperwerlik duýgulary bilen berk baglydygyny beýan etmekde tasir galdyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri — milletiň buýsanjy, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň döreden maddy medeniýetiniň sungat eseri bolup durýar. Kitaphananyň maslahatlar zalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.