ÝURDUMYZDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI GIŇDEN BELLENILDI


ÝURDUMYZDA DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI GIŇDEN BELLENILDI



5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Milli Ge¬ňeşiň wekilleri, tebigaty goraýyş düzümleriniň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.