WATAN ÝAŞLARYNA DAÝANÝAR
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy we okyjylara gowuşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bosagasynda ähli halkymyza, aýratyn-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryna ajaýyp sowgat boldy. Bu kitabyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ahyrynda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň dowam edýän günlerinde neşir edilmeginde-de uly many bar. Çünki döwlet Baştutanymyzyň ýiti zehininden dörän bu kitapda taryhyň gatlaryna altyn sahypa bolup ýazylan şanly ýylymyzda türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlarda gazanan, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant bolan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.