«BIZIŇ PLANETAMYZ, BIZIŇ SAGLYGYMYZ»
Bütindünýä saglyk güni her ýyl 7-nji aprelde, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 1948-nji ýylda döredilen gününde bellenilýär. Şol taryhy günden bäri geçen döwürde dünýäniň 194 döwleti bu guramanyň agzasy boldy. Saglyk gününiň her ýyl bellenilmegi 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi. Bütin dünýäde saglyk güni hakynda maglumat beriş-wagyz ediş çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzda bolsa şeýle möhüm çäreler her ýyl aprel aýynyň bütin dowamynda işjeň ýagdaýda geçirilýär. Bu çäreler adamlaryň saglygyň durmuşda nähili uly ähmiýete eýedigine doly düşünip bilmekleri üçin guralýar.
Bütindünýä saglyk güni her ýylda belli bir şygar astynda geçip, anyk mowzuga eýe bolýar. 2022-nji ýylyň 7-nji apreliniň şygary — «Biziň planetamyz, biziň saglygymyz». Bu şygar adam saglygyny we daşky gurşawy goramak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri durmuşa geçirmäge, şeýle hem «abadançylyk jemgyýetlerini» döretmek boýunça işjeň herekete çagyrýar.
Döwletiň durmuş-ykdysady mümkinçilikleri, halkyň ruhy galkynyşy, abadançylygy, jemgyýetiň saglygy nesilleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, umuman, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda halkymyzyň gadymy
däp-dessurlary mynasyp dowam etdirilýär.
BSGG-niň kesgitlemesine görä, saglyk we sagdyn durmuş ýörelgesi näme? Saglyk diňe bir keselleriň ýada fiziki faktorlaryň ýoklugy däl-de, eýsem, doly beden, ruhy we durmuş abadançylygydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň keselleriň öňüni almak we saglygy berkitmek maksady bilen berjaý edýän hereketleri, adata öwrülen ýaşaýyş endigidir. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek näme üçin beýle möhüm?
Sagdyn durmuş ýörelgesi fiziologik we ruhy ýagdaýyň kadaly bolmagy üçin iň oňat şertleri döredýär, bu bolsa dürli keselleriň ýüze çykma ähtimallygyny peseldýär, ömrüň dowamlylygyny artdyrýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek arassaçylygy saklamak, dogry iýmitlenmek, zähmet we dynç alyş gigiýenasyny utgaşdyrmak, köp hereket etmek, ýaramaz endiklerden ýüz öwürmek ýaly, saglygy goramak, berkitmek düzgünlerini yzygiderli ýerine ýetirmek diýmegi aň¬ladýar.
Saglygy berkitmegiň 5 sany esasy usuly bardyr. Olar:
— miweleri we gök önümleri köpräk iýmeli. Adam bedeni zerur maddalaryň hemmesini diýen ýaly iýmit önümleriniň üsti bilen alýar;
— köpräk hereket etmeli we sport bilen meşgullanmaly;
— ýeterlik wagt uklamaly, dynç almaly;
— strese (nerw dartgynlylygyna) gözegçilik etmeli;
— suwuklygy köpräk içmeli.
Öz saglygyňa dogry garaýyş adama durmuşyň ähli ugurlarynda has üstünlikli bolmaga, meseleleri has netijeli çözmäge we islendik kynçylykdan arkaýyn baş alyp çykmaga kömek edýär. Ýurdumyzyň durmuş ugruna gönükdirilen syýasatynyň netijesinde Türkmenistan bu günki günde sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bedenterbiýäniň we sportuň ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleri sagaldyş we terbiýeçilik ähmiýetinden başga-da, jemgyýetde ekologik düşünjäniň emele gelmegine ýardam edip, aň-bilim ýaýradyjy wezipesini hem ýerine ýetirýär. Çünki arassa ekologiýa we saglyk aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir.
Selbi MÄMMETSÄHEDOWA.