Sungat sazlaşygy


Sungat sazlaşygy



2023-nji ýylyň maý aýynyň 23-ne Türkmenistanyň Çeperçilik Sergiler müdirliginiň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Mary suratkeşleriniň “Sazlaşygyň yşgynda” atly toparlaýyn sergisi gurnaldy. Bu döredijilik sergide nakgaş suratkeşler Şöhrat Berdiýewiň, Merdan Akmämmedowyň, şeýle-de grafikaçy Gurbandurdy Tirkeşowyň eserleri görkezildi. Gündelik durmuşyň çeper beýany, şan-şöhratly taryhymyz we birnäçe gaýry temalar suratkeşleriň jemi 200-den gowrak görkezýän eserleriniň özeninde durýar.

Suratkeş Şöhrat Berdiýew öz döredijiliginde taryhy rowaýatlara, Mary topragynyň taryhy keşbine, şeýle-de ynsan ömrüniň gündelik durmuşda bolup geçýän adaty wakalaryna ýüzlenip, olary şahyrana beýan etmegi başarýar. Esasan, ýyly reňklerde, gyzgalt sary, mämişi, mele hem goňur öwüşginlerde çekilen nakgaşlyk eserleri birnäçe meýilnamadan ybarat taslama giňişligini talabalaýyk ýerleşdirmäge ýardam edýär. Onuň “Säher mukamy”, “Köne bazar”, “Höwür”, “Gadymy Merw” ýaly tematiki eserlerinde oba durmuşy, haýwanat dünýäsi, we şuňa meňzeş wakalar özboluşly jähtden suratlandyrylýar. Şol bir wagtda-da Şöhrat Berdiýewiň öz döwürdeşlerini, ýakyn deň-duşlaryny şekillendirýän portret eserleri sergide mynasyp orun alýar. Olarda keşp meňzeşligi bilen birlikde ynsanyň ruhy dünýäsini maksadalaýyk ýüze çykarmaga bolan çemeleşmeler duýulýar. Suratkeşiň “Wagt pelsepesi” atly eseri onuň döredijiliginiň filosofiki taraplaryny özünde jemleýär. Dürli nyşany aňlatmalar bilen baýlaşdyrylan bu eserde suratkeşiň wagt, döwür, heňňam hakdaky pikir ýöretmeleri şöhlelenýär.

“Sazlaşygyň yşgynda” atly serginiň agramly bölegi suratkeş Merdan Akmämmedowyň nakgaşlyk eserlerinden düzülýär. Teatr nakgaşçylygy boýunça bilim alan suratkeş häzirki wagta çenli ençeme stanok eserleri döretdi. Esasan, sýurrealizm, simwolizm akymlaryna ýüzlenmek bilen, ol döredijilik hyýalynyň çäksiz giňişliklerinde kemala gelýän oý-pikirlerini kendiriň ýüzüne geçirýär. Suratkeşiň “Myhman”, “Gadymyýetiň ýaňy”, “Gün tutulanda”, “Göreş”, “Şäher we wagt” ýaly eserlerinde tebigat, durmuş, ýaşaýyş dürli reňkleriň, tapawutly çözgütleriň üsti bilen görkezilýär.

Gurbandurdy Tirkeşowyň çeper edebiýatyň nusgawy şygryýetine bagyşlap döreden grafika eserleri çuňňur many-mazmuna eýedir. Ol “Şanama”, “Mollanepes”, “Şibli baba”, “Mukam”, “Şähribossan”, “Apat”, “Köýtendag täsinlikleri” ýaly eserlerinde durmuşyň wajyp meselelerini gozgaýar. Grafikaçy esasan, modern akymlaryna, ýagny simwolizm, abstraksionizm ýaly akymlara ýüzlenip, dürli şertli aňlatmalaryň, göçme manyly şekilleriň üsti bilen öz ideýasyny açyp görkezýär. Şeýle-de onuň ähli eserleriniň diýen ýaly goşgy setirleri bilen baýlaşdyrylmagy uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi şekil bilen ýazgy bitewilikde eseriň çeper mazmunyny aýdyň ýüze çykarmaga gönükýärler. G.Tirkeşowyň käbir eserleri sada çyzyklaryň, sanlyja zolaklaryň üsti bilen çözülse, käbir eserlerinde çylşyrymly göwrümler, aýlawly çyzyklar agdyklyk edýär.

Mary suratkeşleriniň grafika we nakgaşçylyk sungat eserleriniň özara sazlaşygyndan dörän bu ajaýyp sergi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Gülnara KURBANMUHAMMEDOWA.