Türkmenistanyň paýtagty dünýäniň okgunly ösýän şäherleriniň biridir


Türkmenistanyň paýtagty dünýäniň okgunly ösýän şäherleriniň biridir
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki täze gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy



11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerini kämilleşdirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.