Tämizlik — sagdynlyk


Tämizlik — sagdynlyk



Saglyk barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, arassaçylyk bilen baglanyşykly pikirler öňe çykýar. Sebäbi arassaçylyk — sagdyn bolmagyň ilkinji şerti. Bu babatda dünýä ýüzüniň alymlary dürli barlaglary yzygiderli geçirmek bilen, adamyň tenine täsir edýän zatlar bilen baglanyşykly dürli täzelikleri ýüze çykarýarlar. Elbetde, köpüsi biziň üçin täzelik bolmasa-da, olar barada ýatlanylyp durulmagy artykmaçlyk etmeýär. Iň esasy zat, biziň bedenimizi, tenimizi arassa saklamagymyzyň peýdasynyň ylmy taýdan düşündirilmegi adamlara, esasan hem, kiçi ýaşlylara oňyn täsirini ýetirýär.
Tenimiziň arassa saklanmagy beden agzalarynyň işjeňligine, madda çalşygynyň, iýmit siňdirişiniň, gan aýlanyşygynyň, dem alşyň gowulanmagyna ýardam berýär. Deri örtügimiziň ýagdaýyna saglygymyz, işe ukyplylygymyz, dürli kesellere garşy durujylygymyz bagly bolup durýar.
Adamyň derisi diňe bir syzyjylyk ukybyna däl, eýsem, bedeni daşky gurşawyň zyýanly täsirlerinden goramak mümkinçiligine-de eýedir. Şonuň ýaly-da deri bedeniň ýylylyk sazlaşygynda, dem almakda uly ähmiýete eýedir.
Deride nerw nokatlary köp jemlenendir. Biziň tenimiziň 1 inedördül santimetrine 100 sany agyry syzyjy, 12-15 sany sowuklyk, 1-2 sany gyzgynlyk duýujy, şeýle-de 25 sany atmosfera basyşynyň täsirini duýujy nokadyň ýerleşýändigini alymlar geçirilen barlaglaryň netijesinde hasapladylar. Bularyň ählisi biziň tenimize daşky täsirler barada hemişelik maglumat bilen üpjün bolmak mümkinçiligini berýär. Sebäbi töweregimizde gözümiziň görýän zatlaryndan başga-da ten bilen syzylýan aýratynlyklar hem kän. Aşa yssy, aşa sowuk we şuňa meňzeş zatlary deriniň syzyp bilmegi bedeniň goraglylygynyň alamatydyr. Ýöne şu münkinçilikleriň diňe arassa, sagdyn deride bolýandygyny unutmaly däldiris.
Hapaçylyk deriniň işjeňligini peseldýär, bu bolsa, elbetde, umumy saglymyza-da ýaramaz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin biz bedenimiziň deri örtüginiň hemişe tämiz ýagdaýda bolmagynyň aladasyny etmelidiris. Bu babatda, iň bir kömege mätäç ynsan — çagajyklardyr. Olara arassaçylyk barada hemişe ýatladyp durmalydyrys. Çagalarymyzyň ellerini, ýüzlerini ýuwmaklary, wagtly-wagtynda suwa düşmekleri barada aladalanmagymyz — olaryň bagtyýar, sagdyn durmuşy hakdaky aladamyzdyr.