AK ŞÄHERIŇ ÝARAŞYGY


AK ŞÄHERIŇ ÝARAŞYGY



Şu günler paýtagtymyzyň giň şaýollaryna çykanyňda, ak şähere ýaraşyk berýän ak awtobuslardaky ýazgylarda gözüň eglenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahaty mynasybetli paýtagtymyzda hereket edýän ýolagçy awtobuslary baýramçylyk ýazgylary bilen bezeldi. «Garaşsyz Türkmenistana 30 ýyl», «Nurana geljege batly gadamlar bilen» ýaly ýazgylar uly toýuň golaýa gelendigini buşlaýar.
Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyz eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýar. Eziz Diýarymyz ähli ulgamlardyr pudaklarda üstünlik gazanyp, bedew bady bilen öňe barýar. Şeýle ajaýyp günleriň waspnamasynyň bir ülşüni mahabatlandyrýan ýolagçy awtobuslary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramyna özboluşly öwüşgin çaýýar.
Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem-de Aşgabadyň güni mynasybetli täze awtobuslaryň 400-si halkyň hyzmatyna hödürlenip, ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrypdy. Bu gün olary bezeýän giň many-mazmunly ýazgylar paýtagtlylaryň hem-de onuň myhmanlarynyň şatlygyna şatlyk goşup, baýramçylyk joşgunyny artdyrýar we ajaýyp döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrýar.