Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — BERKARAR WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GÖNÜKDIRILEN IŞLER DOWAM ETDIRILER


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— BERKARAR WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSMEGINE GÖNÜKDIRILEN IŞLER DOWAM ETDIRILER



Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ynamly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär.

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmegiň meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. Häzirki wagtda oba hojalykçylar üçin gyzgalaňly möwsümiň gelendigini belläp, döwlet Baştutanymyz galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegi, oraga gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz we sazlaşykly işledilmegi babatda tabşyryklary berdi. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlaryň indiki möwsüme taýýarlanylmagy üçin sürüm işleriniň geçirilmegi möhümdir. Gowaça ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly, öz wagtynda alnyp barylmalydyr.