Hasabat konserti
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Şeýle dabaralaryň biri hem şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan hasabat konserti geçirildi. Konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlary, talyp ýaşlary we birnäçe myhmanlar gatnaşdylar. Dabarada konserwatoriýanyň aýdym-saz toparlary, ýekelikdäki çykyşlarda belli türkmen kompozitorlary Aman Agajykowyň, Daňatar Hydyrowyň eserleri bilin birlikde rus we daşary ýurt professional kompozitorlarynyň döreden ajaýyp eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlardan Arkadagymyzyň alyp barýan belent tutumly işlerini, watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän eserler eriş-argaç bolup geçdi.
Hasabat konsertiniň ahyrynda simfoniki orkestryň, hor toparynyň, solistleriň ýerine ýetirmeginde talyp Sapa Sapaýewiň goşgusyna talyp kompozitor Alşer Bazarowyň sazyna «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» aýdymy dabara gatnaşyjylaryň adyndan Arkadag Prezidentimize alkyşnama bolup ýaňlandy.