HORMATLY PREZIDENTIMIZ BMG-niň TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSYNY KABUL ETDI


HORMATLY PREZIDENTIMIZ BMG-niň TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSYNY KABUL ETDI



24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.
Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de rowaçlyk we parahatçylyk döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişe-lik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildiren BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaş-lygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.