Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy


Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen ugrady. Bu barada TDH habar berýär.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Gazagystan Respublikasynyň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we häzirki wagtda türkmen tarapynyň Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşigine girmegi bilen bagly degişli işler geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu düzümiň işine işjeň gatnaşýar.