Özbegistanda türkmen kinofilmleri görkezildi
Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Özbegistan Respublikasyna resmi sapary wagtynda hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri dostlukly döwletde geçirilen XIII Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşdylar. Bu festiwalyň çäginde Buhara döwlet uniwersitetinde Türkmen kinosynyň günleri geçirildi.
Ilkinji gezek 1968-nji ýylda geçirilen bu kinofestiwal Ýer ýüzündäki meşhurlygyny barha artdyrýar. Muny ýarym asyrdan gowrak taryhyň dowamynda 13-nji gezek geçirilen festiwal hem subut etdi. «Ýüpek ýolunyň merjeni» atly festiwala gatnaşmak üçin Aziýadan, Afrikadan we Latyn Amerikasyndan 50-ä golaý döwletiň wekilleri Özbegistanyň paýtagtyna ýygnandylar.
28-nji sentýabrdan 3-nji oktýabra çenli geçirilen kinofestiwal bu jadyly sungatyň Lýuk Besson, Mithun Çakraborti, Stiwen Sigal, Huma Kureşi, Žerar Depardýe, Filipp Kirkorow ýaly dünýä belli ýyldyzlarynyň hem ünsüni özüne çekdi. Olar bu festiwalyň geçirilýän günlerinde Daşkent şäherinde myhmançylykda boldular.
Festiwalyň çäklerinde Buhara döwlet uniwersitetinde görkezilen türkmen kinofilmlerine oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Hususan-da, türkmen kinofilmleri Özbegistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler we şol uniwersitetde bilim alýan türkmenistanly, özbegistanly talyplar üçin has gyzykly boldy. Ýeri gelende bellesek, goň¬şy döwletde ýaşaýan türkmen wekilleri milli Liderimiziň dostlukly döwlete bolan resmi saparynyň dowamynda geçirilen çärelere hem gatnaşyp, hormatly Prezidentimiz bilen didarlaşmak bagtyna eýe boldular.
Türkmen kinosynyň günlerinde oňa gatnaşyjylara režissýorlar Isgendermuhammet Annamuhammedowyň «Dutaryň owazy», Wepa Işangulyýewiň «Galkynyş», Sahysalyh Baýramowyň «Jeýhunyň ýakasy», Myrat Orazowyň «Magtymguly» we Şyhmämmet Mollaýewiň «Gumly gelniň aýdymy» ýaly filmleri görkezildi. Filmleriň her biriniň görkezilişine tomaşaçylaryň köp sanlysy gatnaşdy. Ýeri gelende bellesek, soň¬ky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen we özbek kinoçylarynyň hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürilýär. Onuň netijesinde soň¬ky bir asyra golaý wagtyň dowamynda bilelikdäki filmleriň köp sanlysy surata düşürildi. Olaryň aglabasy dünýä kino sungatynyň altyn hazynasyna girdi.
Agageldi Italmazow