MILLI LIDERIMIZIŇ KÖPUGURLY SYÝASATY TÄZE NEŞIRLERIŇ SAHYPALARYNDA


MILLI LIDERIMIZIŇ KÖPUGURLY SYÝASATY TÄZE NEŞIRLERIŇ SAHYPALARYNDA



21-nji ýanwarda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.