“Nowruz geldi ilime”


“Nowruz geldi ilime”



Aşgabat şäher medeniýet müdirligniň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Milli Bahar baýramymy mynasybetli gurlan sergide ýaz pasly we milli däp-dessurlarmyz bilen baglanşykly pursatlary suratlandyrypdyrlar.

Milli bahar baýramymyz Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen giňden bellenilip, milletleriň jebisligine hem-de umumy taryhy ýörelgeleri wagyz etmäge ýardam edýär. Baharyň gelmegi bilen tebigat has gözelleşýär. Gün uzap, ýer ýylaýar. Gök maýsalaryň ýakymly ysy burnuňa urýar. Adamlaryň göwni açylyp, ruhy göterilýär. Bu ülkämize Bahar baýramynyň gelýändigini habar berýär. Nowruz- bu bahar dabarasy, milli baýramdyr. Nowruz baýramynyň ýurdumyzda Milli bahar baýramy diýen at bilen giňden bellenilmegi hemmeleri begendirýär. Nowruz sözi aslynda “Täze gün” diýmegi aňladýar.Örän gadym döwürlerde ol täze ýylyň birinji güni hökmünde bellenilipdir. Şol gün gije bilen gündiziň deňleşýän güni hasaplanypdyr. Biz Nowruz baýramyny agzybirligiň, bagtyň, tebigatyň dowmatynyň nyşany hökmiinde kabul edýäris. Bu gün biz parahatçylygy, doganlygy arzuw edýäris. Nowruz baýarmynda biz ýagşy arzuwlary ýüregimizde besläp, täze güniň gapysyndan ätleýäris.

Çäräniň ahyrynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.