TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI



3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk ge¬ňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2021-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi hem-de beýleki birnäçe meselelere garaldy.