Hiç zat unudylanok, hiç kim ýatdan çykanok


Hiç zat unudylanok, hiç kim ýatdan çykanok

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow:

–Merdana watandaşlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerdäki gahrymançylygy hem-de gaýduwsyzlygy häzirki we geljek nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar!

Watan Gahrymanlary unudylmaýar

Uruş weterany, ömrüniň 45 ýylyny ýaş nesle bilim öwretmeklige bagyşlan merhum Durdy Bekmyradow hem desantlar batalýonynda gulluk edip Ukrainanyň etegindäki agyr söweşlere gatnaşýar. Şol söweşleriň birinde hem agyr ýaralanyp, Watana dolanyp gelýär. Soňam ömrüni nesil terbiýesine bagyş edýär.

Watan mukaddesdir, orny ýürekleriň jümmüşindedir. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan goragyna giden milli gahrymanlarymyzyň, uruşdan dolanyp gelmedik mertleriň ýar ojagyny saklap garaşan eneleriň, şol agyr döwürde tylda zähmet çeken merdanalaryň ählisiniň jigerinde alawlan Watana yssy söýgi, olary ýowuz günleriň kynçylygyny ýeňip geçmäge ruhlandyrypdy. Ondan bäri ençe ýyl geçse-de, hiç zat unudylanok, hiç kim ýatdan çykanok.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsan mertebesini belent, hatyrasyny mukaddes tutmak biziň milli ýörelgämizdir. Şoňa görä-de, biz paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, şäherdir obalarymyzdaky ýüzlerçe ýadygärliklerde uruş gahrymanlarymyzyň, tutanýerli zähmeti bilen taryhy Ýeňşi ýakynlaşdyran tylyň merdanalarynyň çuňňur hormatlamak we çäksiz minnetdarlyk duýgulary bilen hatyralaryny belent tutýarys» diýen dür jümleleri hem milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpadan nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni öňe sürüp, adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň baş ugruna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!