Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üçem çaga dünýä indi


Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda üçem çaga dünýä indi



Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda Şahymerdan Şammyýew bilen Sülgün Töräýewanyň maşgalasynda üçem perzentler dünýä indi. Bu maşgalada üçem perzendiň dünýä inmegi Görogly etrabynda soňky ýüz ýylda ikinji bolup hasaba alyndy.

«Nebit-gaz» gazetiniň habar bermegine görä, bu bagtyýar maşgalada 10-luk san bilen bagly şowlulyklaryň hatary köp duş gelýär. Olaryň ýekeje bir mysaly şu ýylyň 10-njy oktýabrynda 10 sagat 10 minutda üçemleriň dünýä inmegi hem nobatdaky maşgala rowaçlygyny görkezdi.

Täze dünýä inen çagalaryň agramlary 2250 gram, boýlary bolsa 43 santimetrdir. Täze dünýä inen üçüm gyzlara bagtyýar maşgala agzalary Dünýä, Dursun, Abat diýip at goýdular.

Şahymerdan bilen Sülgüniň maşgalasynda ozal hem iki perzendi bar. Maşgalanyň ilkinji perzendi Altynaý Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 4-nji synpynda, Jöwher bolsa şol orta mekdebiň 2-nji synpynda okap bilim alýarlar.