KÖPASYRLYK TÜRKMEN-HINDI TARYHY-MEDENI GATNAŞYKLARY BAÝLAŞDYRYLÝAR


KÖPASYRLYK TÜRKMEN-HINDI TARYHY-MEDENI GATNAŞYKLARY BAÝLAŞDYRYLÝAR



3-nji aprelde— Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň üçünji güni. Düýn paýtagtymyzda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär. Saparyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, 4-nji aprelde belent mertebeli myhman Türkmenistandan öz ýurduna ugrar.