Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar
Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreleri döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär.
Häzirki wagtda, dowam edýän güýz paslynyň şu günlerinde howa şertleri dürlüligi bilen häsiýetlendirilip, güneşli, salkyn, ýagmyrly günle- riň bolmagy bilen ýüze çykýar. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.
Şol maksat bilen her birimiz:
1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derli, öl saçly daşaryk çykmaklyga ýol bermeli däl.
2. Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli.
3. Pasyllara görä geýinmeli we witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).
4. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagatal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
5. Howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem hepdede kabul etmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Milli tagamymyz bolan el unaş möwsümleýin keselleriň hem öňüni almakda we ýeňil geçirmekde örän ähmiýetli tagamdyr. Oňa gyzyl burç atyp peýdalanmak maslahat berilýär, sebäbi ol fitonsitlere baý, ýöne hökman maşgala lukmanlar bilen maslahatlaşyň.
6. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
7. Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.
8. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwmaly, howpsuz araçägi berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly.
9. Derman serişdelerini özbaşdak, lukmandan maslahatlaşman kabul etmeli däl. Esasan hem ol antibakterial serişdelerine degişli. Sebäbi, antibakteral serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
10. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman mähriban Prezidentimiziň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, keýik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
11. Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda ýola goýlan, her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.