Sungat gözelligi


Sungat gözelligi



2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň ýubileý sergisi açyldy. D. Muhammedowanyň döredijilik işleri häzirkizaman keramika sungatyny has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly orun tutýar. Onuň döredijiligi köpugurly bolup, ol keramikadan başga-da, heýkeltaraşlyk, nakgaşlyk, dizaýn sungatlary bilen meşgullanýar. Keramikaçy her bir döreden eserinde türkmen tebigatynyň gözelliklerini millilik we modern akymynyň çeper aýratynlyklary bilen sazlaşdyryp, gaýtalanmajak gözelligini döredýär.

Bu ajaýyp sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory N. Ýagşymyradow, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çary Ýazmyradow, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Saragt Babaýew, Öwezmuhammet Mämmetnurow, Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Möjek Çaryýew, Ada Gutlyýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Allamyrat Muhammedow, Annabibi Islamowa, Azat Annaýew, sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Jeren Baltaýewa dagylar çykyş etdiler. Olar D. Muhammedowanyň döredijilik ýoly we eserleri barada gyzykly gürrüňleri aýtdylar.

Halypanyň döredijiliginde farfordan, toýundan, terrakotadan ýerine ýetirilen eserleri özüniň näzikligi, gözelligi, deňölçegliligi, gurluşynyň kämilligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Keramikaçynyň farfordan ýasan “Tawuslar” atly eserinde tawus guşlarynyň şekilini ýerine ýetirip, olaryň ýeleklerinde inçeden owadan nagyşlaryny görkezilýär. Mundan başga-da, onuň “Gurban baýramy”, “Gelinler”, “Dutaryň sazy”, “Bahar gülleri” ýaly farfordan ýasalan döredijilik eserleri halypanyň irki döredijiliginiň özboluşlylygyny şöhlelendirýär.

Dursunsolmaz Muhammedowa dünýä keramikasynyň çeperçilik usullaryny milli sungatymyzyň tilsimleri bilen utgaşdyrýar. Keramikaçy zenan uly göwrümli haşam heýkellerinde we güldanlarynda tebigatymyzyň gözelliklerini, ahalteke bedewlerini, bahar güllerini heýkel görnüşinde ýerine ýetirýär. Ussadyň döredijiliginde esasan tebigatyň gözelligini, dünýäniň çäksiz owadanlygy wasp edilýär. D. Muhammedowanyň eserlerinde adamyň we tebigatyň arabaglanyşygy diňe şekilleriň üsti bilen däl, eýsem, sazlaşykly reňk öwüşginleri bilen beýan edilýär. D. Muhammedowanyň döredijiliginde gelin-gyzlaryň keşbine bagyşlanan “Gyzlar”, “Gözel”, “Maral”, “Näzli” “Bahar şemaly” ýaly eserlerinde gelin-gyzlaryň edepli-ekramly, mylaýym, asylly häsiýetlerini suratlandyrýar. Keramikaçynyň toýundan ýasalan “Altyn asyr” atly taslamasynda iki sany ahalteke bedewiniň bütin göwresini heýkel görnüşinde ýasap, olaryň birini ak reňkde, beýlekisini bolsa gara reňkde ýerine ýetirip, altynsow reňkli nagyşlar bilen bezäpdir.

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowanyň gelejekde hem sungat äleminde has-da ýokary derejelere ýetmegini arzuw edýäris.



Hallygözel MUHAMMEDOWA.