AGYR ATLETIKAÇY POLINA GURÝEWA OLIMPIÝA OÝUNLARYNDA TÜRKMENISTAN ÜÇIN ILKINJI MEDALY GAZANDY


AGYR ATLETIKAÇY POLINA GURÝEWA OLIMPIÝA OÝUNLARYNDA TÜRKMENISTAN ÜÇIN ILKINJI MEDALY GAZANDY



27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler.
Mälim bolşy ýaly, Tokio şäherinde geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlary 8-nji awgusta çenli dowam eder. Şunuň bilen baglylykda, türgenlerimiziň dünýä derejesindäki sylaglar bilen janköýerlerini begendirmäge mümkinçilikleri bar. Ýakyn günlerde olar sportuň ýe¬ňil we agyr atletika, şeýle hem suwda ýüzmek ýaly görnüşlerinde çykyş ederler.