«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY: ÖSÜŞIŇ WE ABADANÇYLYGYŇ AK ÝOLY BILEN!» ATLY DABARALY MASLAHAT
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, köp öwüşginli ruhy dünýämizi döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň,
ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň, suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, neşirýat, kitaphana, muzeý işgärleriniň, alymlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, öz döwrebap eserleri bilen bagtyýar halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlary bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem belent zähmet sepgitlerine ýetilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli ýokarlanýar, mähriban Watanymyzyň syýasy, ykdysady kuwwatyny has-da artýar, jemgyýetiň agzybirligi has-da pugtalanýar.
Arkadagly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde il-ýurt bähbitli, döwletli işler amala aşyrylýar, bagtyýar halkymyzy toý-baýramly günleriň gujagynda ýaşadýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhy özgerişleri bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar.
Bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny artdyran bu taryhy wakalar Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetlidir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň we abadançylygyň ak ýoly bilen!» atly dabaraly maslahat hem, Arkadagly Serdarymyza, mähriban Watanymyza belent söýgimiziň, bimöçber buýsanjymyzyň aýdyň subutnamasydyr.
Dabaraly maslahata ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary,
bagşy-sazandalary, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri, suratkeşler, heýkeltaraşlary, neşirýat, kitaphana, muzeý işgärleri, alymlar, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabaraly maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy-sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde Agamyrat Soltanowyň sözlerine, Ýazberdi Hydyrowyň sazyna döredilen «TÄZE EÝÝAMYŇ GALKYNYŞY» atly joşgunly aýdym bilen başlandy.
Soňra halypa ýazyjy-şahyrlarymyz, medeniýet we sungat ussatlarymyzyň birlikde ýaş döredijilik işgärleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olaryň çykyşlarynda medeniýet ulgamyna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylyşy we onuň jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirkizaman ähmiýeti, türkmen sazynyň taryhynyň öwrenilişi we dutarda saz çalmak sungatynyň kämilleşdirilişi, häzirki zaman teatr sungatynyň kämillik ýollary, teleýaýlymlarda häzirkizaman döwrebap gepleşikleri taýýarlamak we dünýä teleýaýlymlarynda şöhlelendirmäge täzeçe çemeleşmegiň wezipeleri, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, türkmen telewideniýesinde häzirki döwrüň gazananlarynyň şöhlelendirilişi, döwrümiziň şanly wakalarynyň we döwlet çäreleriniň ýokary guramaçylykly geçirmegiň baý tejribeleri, ýurdumyzda ýaş žurnalistleriň mekdebini döretmek, täze türkmen kinofilmlerinde döwrümiziň ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň açylyp görkezilişi barada gyzykly maglumatlar beýan edildi.
Çykyş edenler ýurdumyzda geçirilen Prezident saýlawynda halkymyzyň arzuw-matlaby bilen Arkadagly Serdarymyzyň ýurt Baştutanlygyna saýlanylmagy ähli watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny artdyran taryhy waka öwrülendigini, munuň özi häzirki wagtda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ýokary derejede ösdürmäge, ony çuňňur öwrenip, döwrebap röwüşde baýlaşdyrmaga, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigini uly buýsanç bilen tekrarladylar.
Ýurdumyzyň Medeniýet we sungat ussatlary Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň medeniýetimiziň we sungatyň has-da ösmegi ugrunda ak ýürekden yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyryp, bizi eşretli zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Agamyrat BALTAÝEW.