Ajaýyp dabara


Ajaýyp dabara



Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň täze «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi, ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde mähriban Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynyň çuňňur many-mazmunyny açyp görkezýän çykyşlar etdiler. Halkymyzyň döwletlilik ýörelgesine durmuşda hemişe eýerendiklerini we häzirki wagtda hem eýerýändigini bellediler. Bular kitapdaky gyzykly rowaýatlar arkaly subut edilýär. Çykyş edenler öz çykyşlarynda ajaýyp eserdäki rowaýatlara ýüzlenip mysal getirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň 12 bölümden ybarat bu kitabynyň her bir bölümi bilen tanşanyňda halkymyzyň aňyrdan gelýän däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň durmuşymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigine göz ýetirýärsiň. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halkymyzyň ýankitabyna öwrüler. Çünki bu kitapda türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri jemlenendir. Dabarada ýaňlanan aýdym-sazlar, sahna ussatlarynyň çykyşlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Tegelek stoluň başyndaky söhbetde hem hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň halkymyza gymmatly sowgat bolandygy nygtaldy.
Halkymyza ajaýyp kitaby sowgat eden mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.