Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy


Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy



Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Bu barada ministr sosial ulgamyndaky hasabynda ýazdy diýip, «Report» habar berdi.

Ykdysadyýet ministri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň syýasy erkiniň we gatnaşyklaryň ösmegine goşýan goşandynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde esasy hereketlendiriji güýçdigini aýtdy.

M.Jabbarow: «Türkmenistana iş saparymyzyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdyk we ähli ugurlardaky gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçiliklerini gözden geçirdik» diýip ýazdy.

Mundan başga-da, Türkmenistana eden saparynyň çäginde Mikail Jabbarow ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmen-Azerbaýjan hökümetara toparynyň egindeş başlygy B.Atdaýew bilen bilelikde «Agro-Pak Türkmenistan-2023» halkara sergisine gatnaşdy.