Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy


Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ýokary hökümet derejesinde yzygiderli guralýan özara saparlar döwletara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Ankarada ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn duşuşygyň iki doganlyk halkyň netijeli özara gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysyna täze sahypany ýazar hem-de toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat eder. ...Birnäçe wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Esenboga» Halkara howa menzilinde gondy.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Emele gelen asylly myhmansöýerlik däbine laýyklykda, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde ykrar edilen Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur.