«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşirde ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary şöhlelendirildi diýip «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.