Watanymyzda galkynýan - zenanlar


Watanymyzda galkynýan - zenanlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toýlarymyz toýlara ulaşýan günlerinde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Zeminiň zynaty, dünýäniň durky zenanlar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy amaly maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşygynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Durdyýewa Akjemal Kerimberdiýewna şeýlede, ähli ýokary okuw mekdepleriniň halypa mugallymlary hem-de Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp ýaşlarydyr, mugallymlary gatnaşdylar. Zeminiň zynaty bolan zenanlarymyzyň, ýurdumyzda alyp barýan işleri babatynda, olara goýulýan hormat, sarpa dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Ýagny, ötüp geçen birnäçe beýik işleri bitiren zenan şahsyýetler hem ýatlanylyp olar baradaky ylmy işleri talyp ýaşlara ýetirilip, gyzykly sowal–jogap alyşma has-da täsirli boldy. Bu geçirilen ylmy amaly maslahat hem talyp ýaşlaryň aňynda ýatdan çykmajak pursady döretdi.

Men hem bu maslahata gatnaşyp «Zenanlar-Watanyň buýsanjydyr» atly tema bilen çykyş etdim. Maslahatyň dowamyndaky aýdylan täsirli gürrüňler ýurdumyzda, Watanymyzda zenanlarymyza goýulýan sarpanyň has-da belentdigini ýene bir gezek subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz zenanlara bildirýän ynamyny, öz zähmet ornumyzda wepaly, halal işläp ödäris. Goý Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýgül ÝAGŞYÝEWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti