TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI



2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatynyň häkimleri welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, şu günler ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gant şugundyryny ýygnamaga taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýeriň hasabatyny diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.