Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda, ýokary okuw mekdebiň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, halypa Çaryýar Jumaýew bilen saz-söhbetli, döredijilikli duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ilki bilen, halypanyň ömür ýoly barada aýdylyp geçildi. Monitor ekranda halypanyň çagalyk, ýaşlyk ýyllarynda düşen suratlary görkezildi. Suratlar görkezilen wagty halypa öz ýatlamalaryny paýlaşdy.
Döredijilik duşuşygyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Öwezmyrat Gandymow hem myhman bolup, halypanyň türkmen saz sungatynda bitiren hyzmatlary barada belläp geçdi.
Duşuşyga Türkmenistanyň halk artisti, birnäçe baýraklaryň eýesi Daňatar Hydyrow halypa bilen ilkinji tanyşlygyny, hem-de onuň bilen birnäçe ýatlamalaryny gürrüň berdi.
Döredijilik duşuşygynyň konserwatoriýanyň saz mugallymçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow alyp bardy.