Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Halk sazandalarynyň we bagşylarynyň döredijilik bäsleşigine 18-35 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýaş nesliň milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryna aralaşmagyny üpjün etmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak we has-da ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen birlikde, döredijilik bäsleşigi halypaçylyk däplerini berkitmäge, döwürleriň arabaglanyşygyny saklamaga, ýurdumyzda uly üns berilýän saz sungatyny wagyz etmek işine goşant goşmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy gatnaşdy. Şolaryň 5-si zenan bagşy-sazandalardyr. Dutarda saz çalmak we aýdym aýtmak ussatlyklary bilen türkmen zenanlarynyň kähalatlarda meşhur bagşylardan hem ökde çykandyklary baradaky rowaýatlaryň dörändigi bellidir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda türkmen halyçy zenanlarynyň zehini bilen dutarda saz çalmak sungatynyň arasyndaky baglanyşyk inçeden beýan edilýär.
Häzirki zaman halk bagşylary we sazandalary milli sungatyň däplerini saklaýarlar we ösdürýärler. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar bu asylly ýörelgeleriň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny aýdyň görkezdiler. Sazandalaryň çykyşlary bilen başlanan döredijilik bäsleşiginde ýurdumyzyň her bir welaýatyna mahsus özboluşly ýerine ýetirijilik häsiýetleri, gaýtalanmajak aýratynlyklar şöhlelendi. Ähli gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Çalsana, çalsana, çalsana, bagşy!» sazy milli saz medeniýetimiziň köp öwüşginlidigini görkezdi.
Günüň birinji ýarymynda bäsleşige gatnaşan dutarçy sazandalar öz aralarynda bäsleşip, nobatma-nobat türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa bäsleşige gatnaşan dutarçy bagşylar gezekli-gezegine öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Şeýlelikde, bäsleşikleriň netijesine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz folklor toparynyň 2-nji derejeli orkestriniň artisti Serdar Dörtgulyýewiç Bäşimow, Aşgabat şäheriniň 70-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Şaguly Baýramgulyýewiç Hojamgulyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Kerim Babamyradowiç Nyýazow, Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň Medeniýet merkeziniň 2-nji derejeli artisti Allamyrat Akmyradowiç Idirisow, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Daýançmyrat Baýgeldiýewiç Hangeldiýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýewiç Baýramgeldiýew, Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Annadurdyýewiç Urpekow, Görogly etrabynyň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň sazandasy Güýçmyrat Arazmyradowiç Atabaýew, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Akmurat Çaryýewiç Hoşyýew, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Saýat şäher medeniýet öýüniň akkomponiatory Kerim Jelaledinhanowiç Annakulyýew, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Şükürberdi Döwletmyradowiç Hudaýberenow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby Göwher Nurýagdyýewna Tuhyýewa ýeňijiler diýlip yglan edildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.