Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport-ulag merkezine bardy


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport-ulag merkezine bardy



18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport maşklaryny ýerine ýetirip, bogunlaryň we beýleki synalaryň berkemeginde möhüm ähmiýeti bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi soňky döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe boldy. Häzirki döwürde bedenterbiýe işjeňliginiň bu görnüşi lukmançylyk ylmy tarapyndan ykrar edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministri M.Çakyýewiň hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz Sport-ulag merkeziniň işiniň esasy ugurlary, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy.